TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabat şäherinde zenanlar üçin ynanç telefony işläp başlady

BMG-niň ilat gaznasy (UNFPA) we «Beýik eýýäm» hojalyk jemgyýeti bilelikde Türkmenabat şäherinde zenanlar üçin ynanç telefonyny (+993422 32229) açdylar. Bu barada «turkmenportal» habar berýär.

Zenanlar we gyzlar üçin durmuş hyzmaty Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň maliýe taýdan godlamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamanyň çäklerinde synagdan geçirilýär. Ol ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny döretmek boýunça milli özgertmeleriň bir bölegi bolup durýar.

Aýallara we gyzlara, hususanda, ilatyň gowşak toparyna maşgala gatnaşyklary, reproduktiw saglyk we hukuk meseleleri boýunça öz wagtynda professional we psihologiki kömek bermek taslamanyň maksady bolup durýar. Telefon duşenbeden we şenbä çenli sagat 9.00-dan 21.00- çenli, ýekşenbede — 9.00-dan 18.00-a çenli işleýär.

Telefonda ýokary derejeli hünärmenler işleýärler. Gerek bolan ýagdaýynda hukukçylary, durmuş goragy boýunça döwlet hyzmatlaryny we ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini almaga hem mümkinçilik bar. Jaň edenler baradaky maglumatlaryň gizlin saklanyljakdygyna güwä geçilýär.

UNFPA-nyň we «Keýik okara» jemgyýetçilik guramasynyň goldamaklarynda şular ýaly «gyzgyn» liniýanyň Aşgabat şäherinde hem işleýändigini bellemek gerek. Paýtagtyň ýaşaýjylary +99312229389 belgä jaň edip, kömek üçin ýüz tutup bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: