DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Diňe bir maşgala degişli ada

«Müň ada» adalar toplumy Kanada bilen ABŞ-nyň araçäginiň ugry boýunça akýan Mukaddes Lawrentiý derýasynda uzalyp gidýär. «Mail.ru»-nyň ýazmagyna görä, bu ýer gözellikleriň biri hasap edilýär.

«Ýeterlik ýer bar» diýlip atlandyrylan kiçijik gury ýer bölegi Mukaddes Lawrentiý derýasyndaky adalar toplumynyň özboluşly aýratynlygyny düzýär. Onuň meýdany bary-ýogy 310 inedördül metre barabar.

Ada Sizelandlaryň maşgalasyna degişli. Maşgalanyň başy geçen asyryň 50-nji ýyllarynda oňa bolan hukugy satyn aldy we çola ýerde dynç almak üçin yly bolmadyk jaý gurdy. Daş öýden başga-da, bu adada birki sany agaç ösýär we suwa düşülýän ýer bar. Maşgala hususy adasynda dynç alyş günlerini geçirýär we baýramçylyklary belleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: