TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Meniň Watanym» Milli bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Türkmenistanyň paýtagtynda «Meniň Watanym» atly çeper-publisitik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalynyň jemi jemlendi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Emin agzalary Garaşsyzlygyň 30 ýylynda ýurduň gazananlaryny görkezýän filmlerden has gowularyny saýladylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan 13 işden 8-si ugurlarda ýeňiş gazandylar.

Kinofestiwalyň baş baýragyna režisýor Rahymberdi Annagulyýewiň «Nesillere galsyn diýip» atly gysga metražly kinolentasy mynasyp boldy. Bu filmde kinooperator Mekan Gurbangulyýew hem öz ugrundan baýraga mynasyp boldy. «Altyn Asyr» teleýaýlymyň işgäri Myratgeldi Hallyýewiň «Garagum derýasy-bereket çesmesi» filmi «Emin agzalarynyň halany» baýragyna mynasyp görüldi.

Iň gowy kinorežisýor baýragyny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Kakow Garaýew eýeledi. Ol «Meniň atam gümrükçi» filmini gümrük işgärleriniň işine bagyşlapdyr. Jepbar Aşyrgeldiýew «Ykbally döwlet» atly gysgametražly filmiň montažy üçin baýraga mynasyp görüldi.

«Iň gowy kompozitor» baýragy telegepleşikleri alyp baryjy Aýna Durdyýewa «Aziýada-2017: bu diňe bir sport däl» filminiň saz bezegi üçin berildi. «Üstünligiň syry» filminiň iň gowy çeperçilik bezegi üçin baýragy «Aşgabat» teleýaýlymynyň işgäri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ýazmyrat Allaberdiýew eýeledi.

Türkiýäniň TRT teleradiokompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň döredijilik topary «Inci Şehir Aşkabat!» filminiň iň gowy edebi esasy diýen baýraga mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: