TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda maýyp adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça onlaýn maslahat geçirildi

Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa Institutynyň we BMG-ni Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar adam hukuklarynyň çygryndaky Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda maýyp adamlaryň hukuklaryny goramagyň milli we halkara mehanizmleri boýunça onlaýn maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Aşgabatdaky we ýurduň sebitlerindäki adam hukuklary boýunça Maglumatlar merkezlerinde geçirilen çärede dürli ministrlikleriň we edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, Ombudsmeniň edarasynyň, Türkmenistanyň adwokatlar kollegiýasynyň, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar maýyp adamlaryň hukuklaryny düzgünleşdirýän degişli hukuk aktlary we halkara mehanizmleri bilen tanyşdylar.

Onlaýn maslahatda maýyplygy bolan ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň meselelerine hem üns berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: