JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde durky düýpli täzelenenden soň Merkezi bazar açyldy

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Täze ýylyň öň ýanynda ajaýyp sowgat aldylar. Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde düýpli abatlaýyş işleri geçirileninden soň dabaraly ýagdaýda Merkezi bazar açyldy.

Bazar 2,93 gektar meýdany eýeleýär. Onuň taslamasyny «Sagadat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri taýýarladylar. Gurluşygyny bolsa «Mizemez Watan» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Bazaryň çäginde azyk we senagata harytlaryny satýan 283 dükan ýerleşýär. Onuň 157-sinde azyk harytlary, 126-synda senagat harytlary satylýar. Olar satyjylaryň alyjylara ýokary derejede hyzmat etmekleri üçin gowy şertler döredilipdir.

Dört dany bassyrmalaryň aşagynda söwda etmek üçin 880 orunlyk tekjeler guralan. Şonuň ýaly-da, harytlary saklamak üçin iki sany gurulypdyr. Olaryň biri azyk, beýlekisi senagat harytlary üçin niýetlenipdir.

Bazaryň çäginde gurulan 4 sany kafede çaý, beýleki gyzgyn we sowuk içgileri, şonuň ýaly-da gündogaryň we ýewropa ýurtlarynyň tagamlaryny hödürleýärler. Olaryň hersi birbada 60—70 adama hyzmat etmäge niýetlenendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: