Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabyny wagyz etmek maskasy bilen bäsleşik geçirildi
Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Ene — döwletlilik» atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň işine işjeň gatnaşýan zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym―mukaddeslige tagzym» atly kitabyny wagyz etmekden, onuň terbiýeçilk ähmiýetini her bir zenana, maşgala, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryna ýetirmek hem-de bu eseriň üsti bilen mähriban enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny görkezmekden ybarat.
Emin agzalarynyň netijelerine görä, Türkmenabat şäherindäki 45-nji çagalar bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Dursun Babanazarowa birinji orna, Döwletli etrap Medeniýet öýüniň tans goýujysy Aýbike Rejepowa ikinji orna, Dänew etrabyndaky 23-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Sabyr Borjakowa we Köýtendag etrabyndaky 28-nji çagalar bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Maýa Seýitalyýewa dagylar bolsa üçünji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşiginiň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.