YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda azyk harytlarynyň nyrhy arzanlaýar

Soňky aýlarda Lebap welaýatynda azyk önümleriniň bölek satuw nyrhlarynyň yzygider arzanlaýandygyny görmek bolýar. Mysal üçin, noýabr aýynda öňki aýdaka garanda, aş önümleriniň bahasy 1,5 göterime ýakyn, peýniriň we dorogyň bahasy 1,39 göterim, kelemiň bahasy 4,76 göterim, şugundyryň bahasy 4 göterimden gowrak arzanlapdyr. Munuň şeýledigine statistiki maglumatlar şaýatlyk edýär. Bu bolsa ilatyň satyn alyjylyk ukybyna oňyn täsirini ýetirýär.

Oba hojalyk önümleriniň, şonuň ýaly-da olary gaýtadan işlemekden alnan önümleriniň bahalarynyň arzanlamagyna azyk maksatly oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagy oňyn tasirini ýetirdi. Bu bolsa alyjylar üçin Täze ýyla gowy sowgat boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: