YKDYSADYÝET

Elýeterli bahadan baýramçylyk süýjülikleriniň satuwy dowam edýär

Lebap welaýatynyň ak bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bolçulygy höküm sürýär. Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen göçme söwda nokatlarynyň baýramçylyk söwdalarynda elýeterli bahadan baýramçylyk süýjülikleriň köp görnüşi ilata hödürlenilýär. Olaryň ählisi türkmen telekeçileriniň öndüren önümleridir. Ýagny, «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň, «Mekan», «Täze aý» we beýleki hususy kärhanalarynyň dürli görnüşli süýjileri, şokoladlary, marmeladlary, kökeleridir beýleki önümleri ilatyň baýramçylyk saçaklarynyň bezegine öwrülýär. Ýerli telekeçilerimiziň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa süýji-kökelerine isleg uly. Şeýle baýramçylyk söwdalary welaýatyň etrap-şäherlerinde dowam edýär.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: