JEMGYÝET

«Zenan kalby» žurnaly döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Zenan kalby» žurnaly Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen geçiriljek bäsleşige Türkmenistanyň her bir raýaty öz döreden çeper eserleri: hekaýalardyr şahyrana oýlanmalary, poemalary, rowaýatlardyr tymsallary, goşgulary bilen gatnaşyp biler. Olaryň iň gowulary žurnalda çap ediler.

Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemleniler. Onuň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan çeper eserler üçin höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Bäsleşigiň düzgünleri žurnalyň şu ýyldaky birini sanynda çap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: