MEDENIÝET

Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde sergi işläp başlady

Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda türkmenistanly esgerleriň görkezen edermenligine bagyşlanan sergi işläp başlady.

Bu ýerde Beýik Watançylyk urşy döwri barada gürrüň berýän eksponatlar goýlupdyr. Şol döwrüň ýaraglarynyň dürli görnüşleri, serkerdebaşylaryň we esgerleriň eşikleri, fotosuratlar, esgerleriň ýazan hatlary türkmenistanly söweşijileriň edermenlikli ýoluny açyp görkezýär. Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherindäki gospitalda ýaraly esgerleriň bejerilişi barada gürrüň berýän maglumatlar hem gelenleriň ünsüni çekýär. Uruş döwründe tylda galanlaryň ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin çeken tutanýerli zähmeti şöhlelendirýän eksponatlara hem giň orun berilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: