JEMGYÝET

Lebap welaýatynda immunizasiýa hepdeligi geçirilýär

Lebap welaýatynda «Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdesiniň» çäginde çäreler geçirilýär.

Immunolog, maşgala lukmanlary we şepagat uýalary ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän öňüni alyş sanjymlarynhň ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirýärler. Olarda, aýratyn hem, dümewe we COVID-19 ýokanjyna garşy edilýän sanjymlaryň bu keselleriň  öňüni almakda berýän peýdasy düşündirilýär. Göwreli aýallara bolsa çagalara keseliň öňüni alyş sanjymlary etmegiň ähmiýeti düşündirilýär. Şonuň ýaly-da, täze doglan çagalardan başlap, 15 ýaşa çenli we 25 ýaşly raýatlaryň sanjym statusy seljerilýär.

Welaýatyň saglygy goraýyş edaralarynda «gyzgyn telefon» we maslahat beriş otaglary hem işleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: