MEDENIÝET

Türkmenistanda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara forum geçirilýär

Türkmenistanda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat geçirilýär.

Çärä Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Tatarystandan (Russiýa Federasiýasy), Türkiýeden we Özbegistandan aýdymçylar, milli saz gurallarynda saz çalýan sazandalar, saz, sungat we medeniýeti öwrenijiler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri gatnaşýarlar.

Forumuň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Açylyş dabarasyndan soň Mukamlar köşgüniň sahnasynda konsert geçirildi. Onuň baý maksatnamasy aýdym-saz eserleriniň köpdürlüligini, dürli halklaryň aýdym aýtmak, saz çalmak ýaly gadymy sungatynyň täsin nusgalaryny açyp görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: