MEDENIÝETSUNGAT MEKDEBLERI

Halypa Sarpasy

Türkmen topragy öz ýaş zehinleri bilen şöhratlanýar. Doly kämilligi we ýokary derejeli ussatlygy olar şu sungat mekdebinde alýarlar.
Şu ajaýyp ýerine ýetirijileriň, köp döwlet we halkara bäsleşikleriň ýeňijileriň halypasy we mugallymy – Aýdym bölüminiň bölüm müdiri – Täzegül Joraýewa. Ilkinji duşuşykda mährem ýylgyryşly we ýuwaşlap, ýone ynamly bu gelşikli zenan, özüniň beýik medeniýeti bilen ünsüni özüne çekýär. Sungatda onuň ýoluny iki söz bilen kesgitlemek mümkin – egsilmez zähmetsöýerlik we zehin. Hut şu häsiýetler onuň artistlik ykbalynda esasy gözeilýän sypatlar. Haçanda welaýatyň Galkynyş şäherçesinde kiçijik öýde agzybir, köpçagaly maşgalada (maşgalada eýýam alty çagady) kiçijik gyzjagaz dünýä inende – Täzegül, onuň gaty ýiti sesjagazy edil kümüş reňkli jaňjagaz ýaly ýaňlanýardy. “Wah, Allajan!” diýen maşgalanyň kakasy: “Görnüp dur, bu aýdymçy bolar!” diýeniň duýman galypdyr.
Wagt geçýär… Mekdepde Täzegül çeper höwesjeňler gurnagyna gatnapdyr. On ýaşynda ýaş, ýaňy başlan aýdymçy gyz 1975-nji ýylda welaýatda geçirilen ýaşlar bäsleşiginde birinji orna eýe bolýär. Soňra ol öz şäherçesindäki etrap medeniýet öýünde işleýär. 1977-nji ýylda, hünärini beýgeltmek kurslaryna Aşgabada gelmek bilen, Täzegül sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Şahym Gullyýew
bilen duşuşýar, ol oňa Sungat institutyna girmegi maslahat berýär. Okuw ýyllarynda oňa köp zat berilýär: ýokary ussatlyk, özüňe ynamlylyk. Munda Bäşim Artykow, Galina Golowçenko,Türkmenistanyň halk artisti Maýa Şahberdiýewa ýaly belli ussatlaryň hyzmaty uludyr.

Milli sungatyň halypalary – Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Roza Töräýewa, Ata Alowow oňa aktýorlyk ussatlygyny we opera sungatyny öwredýärler. Aşgabada gastrola gelen belli gruzin aýdymçysy Zara Doluhanowa, oňa uly geljeginiň bardygyny öňünden aýdýar: “Siziň wezipäniz – teatrda, opera sahnasynda aýdym aýtmak”. Ýöne Täzegül mugallymyň – halypanyň hünärini saýlap alýar. 1984-nji ýyldan ol sungat mekdebinde wokal boýunça bilim beriji bolup işleýär. 1989-nji ýylda şžher akademiki hory bilen bilelikde Türkiýäniň halkara aýdym-saz festiwalyna gatnaşýar. Söhbetdeşligimizde Joraýewa Täzegül Baltaýewna özüni tolgundyrýan zatlar barada gürrüň berdi.
-Meniň bütin durmuşum –meniň talyplarymda. Men köp zady edip ýetişer ýaly sapaklarymy nähili meýilleşdirmelidigimi barada pikir edýärin. Her bir saz jümlesini aýtmak hökmany, zerur bolan basymlary, nyuanslary etmeli, çeper keşbi duýmaga kömek etmeli, ýerine ýetireniňde durmuşy janlandyrmak.
Köp gezek biziň uçurymlarymyz ýokary sylaglara mynasyp boldular. Bu Türkmenistanyň at gazanan artisti Dostmämmet Söýünow, Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Dinara Rozygulyýewa, “Ýaňlan Diýarym” bäsleşiginiň ýeňijisi Arslan Jumaýew, iki gezek Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sylagyna mynasyp bolan Atajan Berdiýew, şeýle hem beýlekiler. Olardan birnäçesi teatrda aýdýarlar, Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýarlar, welaýatynyň ähli etraplarynda mugallymçylyk edýärler.
Men, köplenç, “Garaşsyzlygyň Merjen däneleri” atly çagalar bäsleşigine, “Talyp joşguny” atly festiwala emin hökmünde gatnaşmaly bolýan, ol ýerlerde köp gowy sesleri eşitmek mümkin.
Esasy zat – okamak we arman zähmet çekmek gerek. Ýaşlar düşünmeli, ýagny hakyky zehin – bu elmydama uly we gündeki zähmet. Ussatlygyň ýokary derejesine barýan ýol çylşyrymly we oňa islendik adam ýetip bilmeýär. Kynçylyklary bilelikde ýeňip geçeris, çüňki mugallym üçin okuwçylarynyň üstünliginden we olaryň zehinine, başarnygyna guwanmakdan beýik şatlyk ýok…

Ýuliýa Jumaýewa, sazşynas,
Lebap welaýat ýörite
sungat mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply