JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde baýramçylyk günlerine taýýarlyk görülýär

Türkmenabatda maý aýynda geçiriljek baýramlara taýýarlygyň çäklerinde şäheri abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Jaýlaryň daşy, olaryň töweregindäki meýdançalar timarlanylýar, agaçlaryň guran şahalary aýrylýar. Agaçlara, güllere we bezeg otlaryna ideg edilýär.

Maý aýynda Türkmenistanda Oraza baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni belleniler. Mekdep okuwçylary bolsa durmuşynda ýatdan çykmajak waka — «Soňky jaň» dabarasyna garaşýarlar.

Baýramlara welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri hem taýýarlyk görýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: