YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde meýilnamadan daşary 16 million 771 müň manatlykdan gowrak önüm köp öndürildi

Türkmenabadyň tikin fabriginde 2022-nji ýylda meýilnamadan daşary 16 million 771 manatlykdan gowrak köp önüm öndürildi. Kärhananyň ýyllyk işi meýilleşdirilende, 35 million 518 müň manatlykdan gowrak tikin önümlerini öndürmek göz öňünde tutulypdy. Hakykatda bolsa, geçen döwürde 52 million 289 müň 314 manatlykdan gowrak önüm öndürildi.

Kärhanada buýurmalaryň esasynda harbylar üçin egin-eşikleri, çagalar baglary üçin ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň daşlyklary tikýärler. Şonuň ýaly-da, ulular we çagalar üçin eşikleri, okuwçylar üçin ýantorbalary, sport eşiklerini hem öndürýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: