YKDYSADYÝET

Türkmenabatda 41,1 müň tonna un öndürildi

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasy bugdaýyň gaýtadan işlenilip, önümleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Şu ýylyň on aýynda bu ýerde unuň 41 müň 183 tonnasy öndürildi we meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, mannyý ýarmasynyň 104, kepegiň 12 müň 14 tonnasy öndürilip, ýokary zähmet görkezijileri gazanyldy.

Hereket edýän bahalarda jemi öndürilen önümler 32 million 917 müň manatlyga barabar boldy. Munuň özi 400 müň manatlyk önümiň meýilleşdirileninden köp öndürilendigini aňladýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: