YKDYSADYÝET

Ýüplük önümçiligi artýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat pagta egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi barha ýokarlanýar.

Fabrikde şu ýylyň başyndan bäri ýokary hilli nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleriniň 4 müň 458 tonnasy öndürildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 88 million 217 müň 694 manatlyga deň boldy. Şeýle-de bu döwürde taýýar önümleriň 1 müň 65 tonnasy, pul hasabynda bolsa 22 million 990 müň 117 manatlygy eksporta ugradyldy. Awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu kärhanada işçi-hünärmenleriň 580-e golaýy zähmet çekýär.