JEMGYÝETYKDYSADYÝET

«Altyn gül» hususy kärhanasy 10 gektar meýdanda almanyň hasylyny ýetişdirdi

«Altyn gül» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alma hasylyny ýygnamaga girişdiler. Olar bu işi sentýabr aýynyň başynda tamamlamagy göz öňünde tutýarlar.
Hususy kärhana 2016-njy ýylda Seýdi şäherinden uzak bolmadyk çöllükde 10 gektar meýdanda alma nahallarynyň 24 müň düýbüni oturdypdy. Bu ýerde agaçlaryň çägelik ýerlere uýgunlaşan görnüşleri ekildi. Olaryň 20%-ti «M-6» sortly gök almalar, galanlary bolsa «-9» sortly gyzyl almalardyr. Bag ilkinji hasylyny geçen ýyl berdi. Bu ýyl agaçlar doly hasyla durdular we olaryň her birinden 25-30 kilogram alma ýygnalmagyna garaşylýar.
Bagyň doly hasyl berip başlamagy içerki bazaryň ýerli alma bilen üpjün edilişini gowulandyrmaga we onuň daşary ýurtlardan eksport edilýän mukdarynyň azaldylmagyna şert döreder.
Agaçlar damjalaýyn usulda suwarylýar we ýerli dökünler hem-de ýörite mikroelementler bilen iýmitlendirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply