SPORT WE SYÝAHAT

Täze ýyl baýramy mynasybetli açyk toparlaýyn ýaryş tamamlandy

Şu gün Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň küşt oýnunyň rapid görnüşi boýunça açyk toparlaýyn ýaryşy tamamlandy. Onda ýaş küştçüleriň 72-si toparlaryň 12-sine bölünip özara bäsleşdiler.

Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde zehinli küştçi Gurbanmyrat Rüstemow tarapyndan baştutanlyk edilen toparyň agzalary ýeňiji boldular. Bu toparda diňe bir Türkmenabat şäherinden däl, eýsem, beýleki etraplardan gelen küştçüler hem çykyş etdiler. Bäsleşikde üstünlik gazanan toparlaryň agzalaryna we gowy netije gazanan küştçülere degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Düýn bolsa küşt boýunça 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Lebap welaýatynyň birinjiligi tamamlandy. Onda Dänew etrabyndan ezber küştçüler ― doganlar Lala we leýla Şöhradowalar başky iki orny eýelediler. Üçünji orna bolsa Türkmenabat şäherinden Jeren Agamyradowa mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri geljek ýylda ýurt derejesinde geçiriljek ýaryşda welaýatymyza wekilçilik ederler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: