YKDYSADYÝET

«Paýhasly ösüş» hususy kärhanasynda 102 göterim ösüş depgini gazanyldy

Kerki şäherinde ýerleşýän «Paýhasly ösüş» hususy kärhanasynda 2022-nji ýylda beton örtgüsiniň 9 müň inedördül metri, ýol haýatjyklarynyň 550 inedördül metri, beton germewleriniň 930-sy, beton sütünleriniň bolsa 234 sanysy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy.

Geçen döwürde 450 müň 326 manatlyk işler ýerine ýetirildi. Netijede kärhanada geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 102 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: