YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlaýarlar

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýylyň başyndan bäri gowaça ekişinde ulanyljak dürli kysymly tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we ekiş gurallarynyň 600-den gowrak görnüşi taýýarlanyldy.

Kärhananyň hünärmenleri oba hojalygynda ulanylýan tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamak we täzelerini ýasamak bilen meşgullanýarlar. Bu ýerde traktorlaryň, kombaýnlaryň, azallaryň, ekijileriň, kultiwatorlaryň hatardan çykan detallarynyň käbirlerini dikelýärler, gerekli şaýlaryň köp görnüşlerini öndürýärler. Olar ýanwar aýynda 395 müň manatlyk işi ýerine ýetirdiler. Bu göz öňünde tutulanyndan 2,5 esseden hem ep-esli köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: