«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Malaý gaz käninde gurulýan gaz gysyjy bekediň tehnologik ulgamlarynyň goýberiş-sazlaýyş işlerine girişildi.
Desganyň infrastruktura aragatnaşyk desgasynyň gurluşygyny alyp barmak barada 2018-nji ýylda «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we «Petro Gas LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşylypdy. Taslamany amala aşyrmak üçin 672,6 million manatdan gowrak maliýe serişdeleri goýberildi. Gaz gysyjy desganyň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub gazy geçirmäge barabardyr. Şu wagt çenli baş potratçy tarapyndan serişdeleriň we enjamlaryň 95% -den gowragy getirildi, 5% möçberde goýberiş-sazlaýyş işleri ýerine ýetirildi.
Malaý gaz käni 1986-njy ýylda işe girizildi. Şol wagtdan bäri ondaky bar bolan tebigy gazyň basyşy peseldi. Täze desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen gazy has doly çykaryp almaga mümkinçilik artar. Bu bolsa «mawy ýangyjyň» eksport mukdaryny köpeltmäge şert döreder.