BILIM

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti olimpiada geçirer

Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda Açyk matematiki olimpiada (OMOUS—2023) geçiriler.

Ol okuw jaýynda aprel aýynyň 23-nden 28-sine çenli şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde guralar. Oňa Türkmenistanyň talyplaryndan başga-da daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşmagyna hem garaşylýar.

Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersiteti Açyk matematiki olimpiadasyny indi dördünji gezek yzygider geçirýär. Geçen ýyl oňa 700 matematik gatnaşdy. Olaryň 200-den gowragy Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň, 500-e ýakyny bolsa daşary ýurtlaryň 40-synyň 85 ýokary okuw jaýynyň talyplarydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: