YKDYSADYÝET

Oba milli maksatnamasynyň çäginde gurluşyk-gurnama işleri gerim alýar

2023-nji ýylyň ilkinji aýynda bu maksatnamanyň çäginde Lebap welaýatynda düýpli maýa goýumlarynyň 6,5 million manatlygy özleşdirildi. Şol serişdeleriň 3,4 million manatlygy Türkmenabat şäherine degişlidir. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2 göterim artyş depgininiň üpjün edilendiginden habar berýär. Çärjew etrabynda bolsa ösüş depgini 16,7 göterime barabar boldy. Şonda etrap boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 0,7 million manatlyga barabar boldy. Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda welaýat boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň 2,4 müň inedördül metri gurlup ulanylmaga berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: