YKDYSADYÝET

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky еäze möhletli goýum hödürleýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli raýatlara erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin «Garaşsyzlygyň ýalkymy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär. Bu möhletli goýum ýyllyk 8% bilen 6 (alty) aý möhlete we ýyllyk 11% bilen 12 (on iki) aý möhlete açylýar, goýumyň iň az möçberi 1 000 (bir müň) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedik. Pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär we goýumyň üsti doldurylmaýar, şeýle hem göterimler her aýda hasaplanyp tölenýär.

Täze goýum 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, 30-njy sentýabryna çenli açylandyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: