YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda 2 million 899 müň manatlykdan gowrak iş ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň zähmet adamlary ýyllyk meýilnama boýunça kesgitlenilen 1 million 68 müň manatlygyň ýerine 2 million 899 müň 610 manatlyk möçberdäki işleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Oba hojalyk işlerinde ulanylýan dürli görnüşli tehnikalaryň geljek ýyl üçin taýýarlygynyň gözden geçirilýän döwründe hojalyklardan gelip gowuşýan buýurmalary ýerine ýetirmek üçin işler ýene-de gyzgalaňly dowam edýär. Dürli kysymly tehnikalaryň zerur bolan şaýlaryny abatlamak we täze şaýlary ýasamak işlerinde bökdençlik duýulmaýar. Kärhananyň ykdysatçysy Güllola Allaýewa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde, ösüş depgininiň 130 göterimden geçendigini aýdýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: