TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň sebitleýin taslamalary boýunça tekliplere (2021-2022-nji ýyllar), YHG-nyň Geljeginiň 2025: Ösüş we baha bermek atly Orta möhletli synyna seretmek, şol sanda YHG-nyň arassa energiýa boýunça Merkeziniň döredilmegi baradaky Hartiýasynyň kabul edilmegi ýaly ugurlar girizildi. Şeýle hem Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli nobatdaky Sammitiň hem-de Ministrler Geňeşiniň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy hem ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň hatarynda boldy.

Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziriniň çykyşyny diňlediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: