«Agaýana» hususy kärhanasynda ýerli çig mallardan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriniň önümçiligi barha artýar.
Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda ýerleşýän bu kärhanada agaç gyryndylaryndan ýasalan örtükler — DSP-ler öndürilýär. «Rysgal» gazetiniň ýazmagyna görä, önümçilikde, esasan hem, gowaça çöpünden peýdalanylyp, gowaça we agaç gyryndylarynyň dykyzlandyrylan gatlagy ulanylýar. Häzirki wagtda bu ýerde DSP we laminirlenen DSP öndürilýär. DSP-leriň ini 1,83 metr, uzynlygy 2,75 metr bolup, galyňlygy 8 millimetrden 24 millimetre çenlidir. Hususy kärhananyň önümleri Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna eksport edilýär. Golaýda bolsa DSP-leriň onlarça tonnasy Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna ugradyldy.

