YKDYSADYÝET

Ýokary hilli şaýlar ýasalýar

Türkmenabadyň tejribe-abatlaýyş kärhanasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň garamagynda suw hojalyk önümçilik birleşiklerine degişli tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary hem öndürilýär, käbir bölekleri dikeldilýär, şonuň ýaly-da abatlaýyş işleri geçirilýär.

Kärhananyň meýilleşdiriş bölüminiň hünärmenleriniň habar berişleri ýaly, bu ýerde sazlaşykly işiň ýola goýlandygyna göz ýetirmek bolýar. Aýlyk görkezijiler ähli ugurlar boýunça ýokary üstünlik gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin, polat eretmegiň meýilnamasy 134 göterimden geçirilip ýerine ýetirilipdir. Önüm taýýarlamagyň meýilnamasy bolsa 125 göterimden, ätiýaçlyk şaýlaryň öndürilişi 111 göterimden, hyzmat etmegiň meýilnamasy bolsa 129 göterimden artyk amal edilipdir.

Bu ýerde köpugurly traktorlaryň, ekskawatorlaryň, läbik sorujylaryň, suw göterijileriniň käbir şaýlaryny ýasaýarlar, käbirlerini bolsa dikeldýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: