JEMGYÝET

Türkmenistanda täze žurnal çap edilip başlanar

2022-nji ýylda Türkmenistanda «Medeniýet we syýahat» žurnaly çap edilip başlanar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi.

Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan «Medeniýet» we «Syýahat» žurnallarynyň binýadynda döredilýär.

Žurnaly üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: