YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça ideg edilýär, bugdaýa ösüş suwy tutulýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Lebap welaýatynda gowaça ekişi tamamlandyp, şu günler welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.

Bu barada welaýat häkimi düýn sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Şeýle hem häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri hem alnyp barylýar. Ilaty ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hasabatyň dowamynda welaýatda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň ak ekin meýdanlarynda, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň pagta ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerine guramaçylykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: