YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň halkara howa menzilinde daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň uçarlaryna tehniki hyzmatlar edilýär

Tehniki hyzmatlary almak üçin Türkmenabadyň halkara howa menziline gonýan daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň uçarlarynyň sany artýar. Russiýanyň «Nordwind Airlines», Täjigistanyň «Somon Air» awiakompaniýalaryndan soň Türkiýäniň, Moldowanyň, Gyrgyzystanyň awiakompaniýalary hem bu menziliň hyzmatlaryndan peýdalanyp başlady.

Menziliň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, şu aýyň dowamynda Moldowanyň «Terra Avia», Gyrgyzystanyň «AeroStan» we «Moalem Aviation», Türkiýäniň «MNG Airlines» awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabatda tehniki we täjirçilik gonuşlaryny amala aşyrdylar. Halkara menzilde uçarlara ýokary dereje hyzmat edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: