MEDENIÝET

«Hatyra» kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi

 Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen bu jilt Daşoguz welaýatynda önüp-ösen türkmenistanly gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlanypdyr.  Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Gutlagy bilen açylýar. Onda ozal bar bolan maglumatlar ulgamlaşdyrylypdyr, olaryň üsti doldurylypdyr hem-de elipbiý tertibinde ýerleşdirililipdir.

Kitapda esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar ýerleşdirilýär, onda uruş ýyllarynda hem-de häzirki günlerde döredilen goşgular getirilýär. Bu neşir diňe bir türkmenistanly esgerleriň edermenlikleri barada bolman, eýsem, ol tylda zähmet çeken hem-de tutanýerli zähmeti bilen Ýeňşi ýakynlaşdyran zenanlaryň we çagalaryň gahrymançylyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar, şeýle-de welaýatyň çäginde ýerleşýän memorial ýadygärlikleriň arhiwden ýüze çykarylan suratlary bilen hem baýlaşdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: