YKDYSADYÝET

«STT» hususy kärhanasy demir-beton plitalaryny önümçiligini ýola goýdy

«STT» hususy kärhanasy geçen ýyl demir-beton plitalarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu ýerde ýylyň dowamynda bu gurluşyk materialynyň 770-e ýakyny öndürildi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda hereket edýän kärhanada gurluşykda giňden ulanylýan önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Plitalardan başga-da, bu ýerde demir-beton sütünleriniň 2534 sanysy taýýarlanyldy. Şonuň ýaly-da, 705 tonna hek, 7505 tonna gips hem çykaryldy. Öndürilen gipsokartonlaryň sany bolsa 131 müň 140-a ýetdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: