YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda öndürilýän önümleriň möçberi artýar

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 1 million 850 müň inedördül metr izogamm öndürildi. Onuň 787 müň inedördül metre ýakyny bolsa daşary ýurtlara ugradyldy. Şonuň ýaly-da, suwuk öndürilen 4000 tonna bitum mastikasynyň 1877 tonna ýakyny eksport edildi. Türkmenistanda öndürilen bu önümleri, esasan, Özbegistanyň we Türkiýäniň işewürleri satyn aldylar.

Maglumatlar kärhanada önümçiligiň depgininiň artandygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 740 müň inedördül izogamm köp öndürilipdir. Suwuk bitum mastikasy bolsa 1027 tonna kändir.  

Bu ýerde keramiki plitalary ýelmemekde ulanylýan gury garyndynyň 145 tonnasy geçen ýylkydan köp öndürdi. Ýagny, ýylyň ýedi aýyň görkezijisi 480 tonna barabar boldy. Şonuň ýaly-da, 2 million 323 müň kerpiç çykarylyp, ulanyjylara iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: