JEMGYÝET

Türkmen ýaşlarynyň öz elektron žurnaly bolar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu barada 18-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Habar berilişine görä, žurnal «hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, wagyz-düşündiriş işlerini güýçlendirmek barada beren tabşyryklaryndan, şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini ýokarlandyrmak barada beren maslahatlaryndan ugur alnyp» çykarylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: