YKDYSADYÝET

Täze gaz guýulary Türkmenistanda tebigy gazy öndürmegiň möçberini artdyrmaga ýardam eder  

«Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň işe girizilmegi gazyň çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de “gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Bu ýerde täze guýularyň gurluşygyna geçen ýylyň awgustynda badalga berildi. Häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär. Täsin «Galkynyş» käniniň täze gaz guýularynda gazyň goşmaça möçberiniň alynmagyna garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: