WELOSIPEDIŇ TARYHY WE ŞU GÜNI
Taryhy maglumatlarda 1495-nji ýylda beýik italýan alymy, dünýä belli suratkeş Leonarda da Winçi we onuň şägirdi Jakoma Kaprottiniň iki tigirli welosipediň suratyny çekendigi aýdylyp geçilýär. 1817-nji ýylda nemes professory baron Kral fon Dreýz iki tigirli samokat oýlap tapyp, ony 1818-nji ýylda açyş hökmünde resmi taýdan bellige aldyrypdyr. Germaniýanyň Karlsrue şäheriniň ýaşaýjysy bu oýlap tapan ulagyny «Ylgamak üçin maşyn» diýip atlandyrypdyr. Welosipediň has kämil görnüşini bolsa ilkinji gezek fransiýaly alym Jožef Nisefor oýlap tapýar. Has takygy, ol 1839-1840-njy ýyllarda Şotlandiýanyň günortasyndaky kiçijik obanyň ýaşaýjysy Makmillan Dreziň oýlap tapan welosipedini has kämilleşdirip, oňa pedal hem-de oturmak üçin oturgyç goşupdyr.
Welosiped sözi latyn diliniň «velox» — «çalt», «pes» — «aýak» diýen sözleriniň jeminden emele gelipdir. Adyndan belli bolşy ýaly, welosiped süreniňde, aýagyň dyz we daban bölekleri has köp işjeňlikde bolýarlar. Galyberse-de, welosport bilen meşgullanmak adamyň ýürek gan aýlanyşygynyň we öýkende amala aşýan dem alyş hadysasynyň has-da gowulanmagyna, süýji keseliniň döremek howpunyň ep-esli derejede azalmagyna hem öz täsirini ýetirýär.
Welosiped sportunyň uly ýollarda geçirilýän ýaryşlar, mauntinbaýk, trek, welosipediň üstündäki top oýunlary: welobol we welopolo diýen ýaly ajaýyp görnüşleri bar. Uly ýollarda geçirilýän welosiped ýaryşynyň diňe ikisi, ýagny, toparlaýyn we ýekelikde geçýän görnüşleri Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Welosiped sporty özüniň taryhyny 1869-njy ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýyl Fransiýada umumy uzynlygy 120 kilometre barbar bolan «Pariž — Ruan» aralygynda welosport boýunça ilkinji uly ýaryş geçirilýär. Oňa gatnaşyjylaryň welosipediniň agaçdanlygyna garamazdan, ýeňijiniň tizligi sagatda 11 kilometre barabar bolupdyr. Welosport 1896-njy ýylda Afinada geçirilen birinji Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulyp, ýaryşa gatnaşyjylar 87 kilometr aralygy geçipdirler. Aýallaryň arasyndaky ýaryşlar bolsa diňe 1984-nji ýyldan başlap Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
1911 — 1913-nji ýyllar aralygynda ýer ýüzüne welosipedli gezelençler amala aşyryldy. Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan, durmuşyny welosiped sporty bilen baglaýan ähli adamlary bir ýere jemlemek maksady bilen 1900-njy ýylda welosipedçileriň Halkara birleşigi — UCI döredildi. Bu birleşik häzirki wagtda Şweýsariýada ýerleşip, oňa 160-dan gowrak döwlet agzalyk edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjyny goldap, «Bütindünýä welosiped güni» atly Kararnamanyň kabul etdi we her ýylyň 3-nji iýýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi. Kararnamanyň awtordaşlary bolup, 56 döwlet çykyş eti. Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda 62 döwletiň awtordaş bolmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek’ atly Kararnama kabul edildi.
Metbugat maglumatlarynyň esasynda taýýarlan: Atanyýaz HANGELDIÝEW.