JEMGYÝET

Noýabryň soňunda Türkmenistanda işewürlik maslahaty geçiriler

29—30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde işewürlik maslahatynyň geçiriljekdigi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Bu çärelere, esasan, agajy, plastik we demir önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, olara sanly ulgam, elektron programma üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar.

Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: