JEMGYÝET

Türkmenistan internet hyzmatynyň elýeterliligini giňeltmäge çalyşýar

Türkmenistanyň tutuş çägini ýokary hilli mobil aragatnaşygy bilen üpjün etmek, bütindünýä ulgamynyň maglumat çeşmelerine elýeterliligi artdyrmak hem-de internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli peseltmek meýilleşdirilýär. «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, bu maksatlar üçin «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Yslam ösüş banky (YÖB) bilelikde umumy bahasy 273 million ABŞ dollary bolan birnäçe taslamany durmuşa geçirýär.

Internet ulanyjylaryň sanyny köpeltmek üçin, «Altyn asyr» Milli Internet merkezi ilat üçin bahalary yzygiderli peseltmek syýasatyny alyp barýar. Mysal üçin, şu ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň elektroaragatnaşyk operatorlary internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli peseltdiler. Telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, maglumatlary ibermegiň tizligini kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabatda we ähli welaýatlarda süýüm-optik kabel çekildi. Ilatyň barha artýan isleglerini göz öňünde tutup, operatorlar 4G-ni, ýakyn wagtda bolsa 5G-ni-de goşmak bilen, mobil aragatnaşyk, ýokary tizlikli internet we beýleki mobil hyzmatlar bilen Türkmenistany doly üpjün etmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem köp hyzmatly maglumat geçiriş ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: