MEDENIÝET

Türkmen teatrynyň sahnasynda — özbek dramaturgynyň eseri

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda özbek dramaturgy Şaraf Başgekowyň «Demir aýal» atly eseri esasynda sahna oýnunyň üstünde işleýärler.

Sahnada beýan edilýän wakalaryň üsti bilen zenanyň durmuşdaky orny, maşgala agzalarynyň gündelik aladalary, birek-birege hormaty barada söz açylýar. Režissýor Alijan Hemraýewiň sahnalaşdyrýan oýnunda söýgi atly mukaddes duýgynyň gymmaty, maşgala mukaddeslikleri, birek-birege sarpa goýmak ýaly pikirler öňe sürülýär.

Teatryň artistleri Gülälek Jumaýewa, Gülbahar Gurbangulyýewa, Aman Akyýew, Bagsere Röwşenowa dagy dürli häsiýetli keşpleri janlandyrýarlar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: