JEMGYÝET

Türkmenistanda taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäklerinde onlaýn usulda ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 160-dan gowragy özleriniň 90-dan gowrak işi bilen gatnaşdy. Emin agzalary hödürlenen işlere bäsleşigiň şertlerine görä, işiň temasynyň wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeligi, amaly gymmatlygy, taýýarlanylyşy, beýan edilişi, ony durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçiligi ýaly şertler boýunça baha berdiler.

Ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ynsanperwerlik we durmuş bilimleri, takyk ugurly dersler, tebigy ugurly dersler boýunça ýeňijiler yglan edildi.

Ýeňijilere Bilim ministrligi tarapyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: