MEDENIÝET

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde milli ýörelgelere bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Milli ýörelge ― beýik görelde» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet, baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guraman çäresine dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar we talyp gyzlar gatnaşdylar.

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan çärede Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna ussatlary, kümüş saçly eneler çykyş etdiler. Onda türkmen zenanlaryna mahsus bolan päk ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik, gaýratlylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, mähremlilik, sungata söýgi, milli-medeniýete we däp-dessurlara ygrarlylyk barada gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda «Gyzyl kürte» atly filmi görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: