- MEDENIÝET

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlandy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.

07
05
03
06
02
01

Previous
Next

Onda esgerleriň söweş ýoluny, tylda çekilen zähmeti görkezýän eksponatlar, suratlar, esgerlerden gowşan hatlar we beýlekiler goýuldy. Muzeýe gelýänler şol ýyllar türkmenistanly esgerleriň jeň meýdanynda görkezen edermenlikleri, front durmuşy, tylda galanlaryň ýeňşi ýakynlaşdyrmagyň hatyrasyna çeken zähmeti, fronta kömegiň ýygnalyşy we iberilişi barada giňişleýin maglumatlary alyp bilýärler.

Şu senä bagyşlanan sergiler welaýat kitaphanasynda, welaýat çagalar kitaphanasynda, şäher we etrap kitaphanalarynda hem guraldy. Olarda uruş ýyllarynyň wakalaryny açyp görkezýän çeper we dokumental eserler, uruş weteranlarynyň ýatlamalary, fotosuratlar goýuldy. Şonuň ýaly-da, Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan okyjylar konferensiýalary geçirildi.

Поделиться ссылкой: