SPORT WE SYÝAHAT

«Deňizçi» topary futzal boýunça AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy – 2021-iň ýeňijisi Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2022-de ýurdumyza wekilçilik eder, diýip, Türkmenistanyň Futbol federasyýasynyň saýtynda habar berilýär.

Futzal boýunça AFK-nyň klublararasy Çempionlar ligasy her ýyl geçirilýän halkara ýaryşdyr. Ilkinjisi 2010-njy ýylda geçirilen halkara ýaryşa yklymyň iň güýçli futzal toparlary gatnaşýarlar.

Toparlaryň 16-synyň gatnaşmagyndaky halkara ýaryşynyň bu gezekkisi 2022-nji ýylyň 3-14-nji awgusty aralygynda BAE-de guralar. Onuň bije çekişlik dabarasy bolsa şu ýylyň 14-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde onlaýn arkaly geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýylda futzal toparlarynyň 8-siniň gatnaşmagynda futzal boýunça geçirilen Naýbaşy ligasynda «Deňizçi» topary geçirilen 14 duşuşykda 35 utuk toplamagy başardy. Geçirilen ýaryşyň jemi boýunça «Köpetdag» hem-de «Gümrükçi» toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: