BILIM

Türkmen talyplarynyň italiýanyň uniwersitetiniň talyp hakyny almaga mümkinçiligi bar

Italiýanyň Insubrii Uniwersiteti bäsleşik yglan etdi. Onuň netijeleri boýuna 10 sany daşary ýurtly talyp okamak üçin 10 000 ýewro talyp hakynyň eýesi bolup biler, diýip «centralasia.news» ýazýar.
Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2021—2022-nji okuw ýylynda iňlis ýa-da italýan dilinde üç ýyllyk kursda ýa-da magistraturada okamaga girmek isleýän daşary ýurtly ökde talyplar üçin hersi 10 000 ýewro barabar bolan 10 sany talyp hakyny berjekdigini yglan eden 70 ýokary okuw jaýlarynyň arasynda iň gowularynyň biri bolan Insubrii Uniwersitetiniň bildirişini çap etdi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin 2021-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli saýtda öz şahsy kabinetini döretmeli, «i-STUD» portalynda arza ýazmaly.
Goşmaça maglumatlar bilen italýan uniwersitetiniň saýtynda tanşyp bolýar.
Mundan başga-da, Maçeraty Uniwersiteti hem isleg bildirýänleriň 13-siniň her birine 7 000 ýewro möçberinde talyp hakyny berjekdigini yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin 2021-nji ýylyň 22-nji maýyna çenli arza bermeli.
Goşmaça maglumatlar bilen «UNIMC» saýtynda tanşyp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply