BILIM

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Konstitusiýamyz — röwşen geljegiň kepili» atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň guralan çäre Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.

Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar, Türkmenabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Esasy Kanunyň orny, ýurtda gazanylýan beýik ösüş-özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we häzirkizaman türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň täze neşir edilen kitaplarynyň sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: