JEMGYÝET

Kerki şäheriniň döwlet arhiwinde Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşe bagyşlanan sergi guraldy

Kerki şäheriniň döwlet arhiwinde Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy.
Onda Türkmenistanda neşir edilen «Şöhrat» we «Hatyra» kitaplary goýlupdyr. Bu neşirleriň birinjisinde 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan hem-de dolanyp gelen weteranlar, ikinjisinde bolsa jeň meýdanyndan başyny goýan esgerler barada maglumatlar bar. Onda söweşjeň medallar, ordenler, uruş weteranlarynyň suratlary, frontdan gelen hatlar, uruş döwrüniň ýatlamalary, esgerleriň, serkerdeleriň esbaplary aýratyn orun tutýar.

 

Kerki şäheriniň döwlet arhiwiniň işgärleri şeýle sergini şäher medeniýet merkezinde hem guradylar.
Sergi bilen ilkinjileriň hatarynda etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylary, Kerki etrap häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplary tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply