BILIM

Täze okuw ýylyna badalga berildi

Şu gün Türkmenistanda täze okuw ýylyna badalga berildi. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Lebap welaýatynda täze orta mekdepleriň 8-si we bir sany çagalar bagy açylyp, ulanylmaga berildi.

Şeýle hem gündogar sebitde täze okuw ýylynyň ilkinji güni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna utgaşdy.

Şu ýyl Lebap welaýatynda körpeleriň 29 müňe golaýy birinji synpda okuwa başladylar, ýaşlaryň bolsa müňlerçesi talyplyk bagtyna eýe boldular.

Türkmenistanda sentýabr aýynda başlanýan okuw ýyly geljek ýylyň maý aýyna çenli dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: