BILIM

Türkmenabat Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi 13 hünär boýunça bilim berer

Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi täze okuw ýylynda ýaşlara hünärleriň 13-si boýunça bilim berer. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Has takygy, bu orta hünär okuw mekdebi täze okuw ýylynda gämi gurluşygy, energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça), jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy, gidromeliorasiýa, maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak, köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi, kompýuter ulgamlarynda programmirlemek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, logistikada operasion işi, adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak, ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary we senagat we raýat jaý gurluşygy hünärleri boýunça ýaşlaryň ýüzlerçesine bilim berer.

Türkmen metbugatynda çap edilen bildirişde mekdebiň dalaşgärlerden resminamalary 21-nji awgusta çenli kabul etjekdigi habar berilýär.Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwyň möhleti hünärlere görä degişlilikde 2 ýyl ýa-da, 2,5 ýyl bolup, okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: